Larijani:Eýran milleti Amerikanyň mekirli hilelerine hüşgärdir
Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani Eýran milleti mydama Amerikanyň mekirli hileleriniň garşysynda hüşgärdir diýdi.
şu gün Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani mejlisiň açyk maslahatynyň başynda 28-nji Mordad harby synanyşmasyny Amerikanyň Eýranyň içeri işlerine gatyşmagynyň simwoly hasaplap 28-nji Mordad harby synanyşmada Amerika näçe on ýyllyk üçin Eýrany diktatura giriptar etdi we durmuşda hem sebitde we dünýäde howpsyzlygy berkarar etmekligi bahanalap Eýrana musallat boljak bolýar diýip nygtady.
Larijani sözüniň dowamynda durmuşky ýagdaýda Amerika döwleti Eýrany gorkunç görkezmek we sebitiň garaşly döwletleriniň pikir ýetneçiliginden peýdalanmak bilen sebitiň baýlyklaryny talap durandyr diýip beýan etdi.
Ali Larijani Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryna hem yşarat edip Amerikalylar ykdysady gadaganlyklary meýilleşdiren mahallary ýüzi galyňlyk bilen erkinlikden,adam hukukdan hemde sebit we dünýäniň howpsyzlygyndan gürrüň agzan bolýandyrlar emma Amerika döwleti 28-nji Mordad harby synanyşmasy arkaly Eýranda garaşly diktaturanyň gudrat başyna gelmegine şert döretmekleri hemde sebitdäki terrorçylary ýarag taýdan goldamaklary bilen Eýran milletiniň ýanynda ýüzi garadyrlar diýip nygtap geçdi.