Zarif: Amerika indi Eýrana musallat bolup bilmez
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Eýranda Amerikanyň hemaýaty astynda Muhammet Musaddegiň ýolbaşçylygyndaky döwlete garşy amala aşyran harby synanyşma yşarat edip Waşington döwleti şu wagta hem Eýrana musallat bolmagyň yzyndadyr emma bu maksadyna ýetmez diýip nygtady.
şu gün 1397-nji ýylyň Mordad aýynyň 28-i 1953-nji ýylda Amerikanyň Eýran döwletine garşy amala aşyran harby synanyşmanyň ýyllygydyr.
1332-nji hijri ýylyň 28-nji mordad güninde şa režiminiň goşun güýçleriniň bir topary Amerika we Iňlisiň arkadaşlygy bilen Muhammet Musaddegiň ýolbaşçylygyndaky döwleti ýykyp daşary gaçyp atan Muhammetreza Pahlawini ýaňadan gudrat başyna getirdi.
bu mynasybet babatly Muhammet jawad Zarif özüniň twitter sahypasynda 65 ýyl mundan ozal Amerika Eýranyň saýlanan demokratik döwletini ýykdy we 25 ýyllap Eýrana bir diktatory musallat etdi diýip nygtady.
Zarif şeýle-de durmuşda hem bir topar Eýranda ýaňky hereketi amala aşyrmagy isleýändir emma olar bu maksatlaryna ýetmez diýip nygtap geçi.