Jafari: dünýä derejesinde zulum astynda ýaşaýanlar Amerikanyň garşysynda birleşip durandyrlar
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň başserkerdesi serdar serleşger Muhammet Ali jafari dünýä derejesinde zulum astynda ýaşaýanlar we erkintalaplar Amerikanyň garşysynda birleşip durandyrlar diýdi.
şu gün Eýranyň Sepah Pasdaranynyň başserkerdesi serdar serleşger Muhammet Ali jafari Tehranda eden çykyşynda Amerika we onuň ýaranlarynyň syýasatlary gozgalaňlyklara, ölüme we weýrançylyga sebäp bolýandyr diýip nygtady.
Amerika we onuň ýaranlarynyň Palestina, Siriýa, Yrak we Eýran ýurtlarynda amala aşyran göni we göni bolmadyk jenaýatlary bu ýurtlaryň ilatynyň ýatlaryndan çykmaz diýip Eýranyň Sepah Pasdaranynyň başserkerdesi serdar serleşger Muhammet Ali jafari aýtdy.
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň başserkerdesi serdar serleşger Muhammet Ali jafari şeýle-de Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky imperialist düzgüniň jenaýatlarynyň we zulumlarynyň dowam edip duran mahaly bu ýurdyň garşysyndaky Eýranyň syýasaty üýtgemez diýip sözüne goşdy.