Ruhani:halkara adalatçylyk sudynyň çykaran hökümi Eýrana bir üstünlikdir
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani halkara adalatçylyk sudynyň çykaran hökümini Eýran üçin bir üstünlik hasaplady.
prezident Ruhani düýn ikindin syýasy işjeňleriň bir topary bilen geçiren duşuşygynda halkara adalatçylyk sudynyň çykaran hökümi hukuky we syýasy taýdan Eýrana uly üstünlikdir we Amerika döwletiniň oňa amal etmezligi hem ahmaldyr diýip nygtady.
her halda halkara sudynda Amerikany ýeňip başarmagy Eýran milleti üçin uly üstünlikdir diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.
Ruhani sözüniň dowamynda Amerikada Eýranyň bir topar duşmany gudrat başyna gelendir we bu häkim topary Eýrany dyza çökerdip başarlar mukam diýip güman edýärler we şu ugurda bar tagallalaryny hem edýändirler diýip beýan etdi.
şol bir wagtda himiki ýaraglary gadagan edýän guramasyndaky Eýranyň wekili Alireza Jahangiri hem halkara adalatçylyk sudynda Amerika çetleşendir diýip nygtap geçdi.