Larijani Amerikanyň birtaraplaýyn syýasatlaryna garşy göreşilmegini nygtady
Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Amerikanyň birtaraplaýyn syýasatlaryna garşy göreşmek üçin ikitaraplaýyn we näçetaraplaýyn hereketleriň ösdürilmegini isledi.
şu gün Ali Larijani Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilýän Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň parlamentleriniň 3-nji maslahatynyň ýanynda Orsýet dumasynyň başlygy Wiýaçeslaw Wlodin bilen geçiren duşuşygynda ýurtlar bilelikdäki hereketleri arkaly Amerikanyň birtaraplaýyn syýasatlarynyň öňüne geçip başarjakdäldir diýdi.
Ali Larijani sözüniň dowamynda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykanlygyna yşarat edip Tehran döwleti ýadro ylalaşygyny goramak ugurda Ýewropalylar bilen gepleşiklerini dowam etdirip durandyr emma şu ugurda çözülmän galan kynçylyklar bardyr diýip nygtady.
Eiýaçeslaw Wlodin hem bu duşuşykda Eýran bilen Orsýetiň gatnaşyklarynyň ylaýtada parlament gatnaşyklarynyň ösdürilmegini isledi.