Jahangiri:Amerika Eýranyň nebit eksportyny kemeldip başarmaz
Eýranyň döwlet baş tutanynyň birinji orunbasary Yshak Jahangiri Amerika döwleti Eýranyň nebit eksportynyň mukdaryny kemeldip başarmaz diýdi.
Yshak Jahangiri Eýrana garşy amala aşyrylan gadaganlyklarda käbir ýurtlaryň Amerika bilen ugurdaş hereket etmeklerine yşarat edip nebit eksporty üçin täze çäreleri döretmek ugurda Tehran döwleti gadymy hyzmatdaşlary bilen gepleşikleri geçirendir diýip nygtady.
Eýranyň döwlet baş tutanynyň birinji orunbasary Jahangiri sözüniň dowamynda dünýä bazarynda nebitiň bahasy ýokarlanyp 80 dollardan geçdi we Eýranyň nebit eksportynyň azalanlygyna garamazdan Eýranyň nebit girdejisi artandyr diýip beýan etdi.
bu habar esasynda Eýranyň nebit eksportyndan bolan gazanjy soňky aýlaryň boýunda 17 göterim artandyr.