Zarif: halkara köpçüligi Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda durandyr
(last modified Tue, 30 Oct 2018 15:13:08 GMT )
Oct 30, 2018 20:13 Asia/Ashgabat
  • Zarif: halkara köpçüligi Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda durandyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif halkara köpçüligi Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda durandyr we hatda goňşy ýurtlar we Ýewropa ýurtlary hem Waşingtonyň birtaraplaýyn gadaganlyklarynyň garşysynda durandyrlar diýdi.

şu gün  Muhammet Jawad Zarif Stambulda Eýran, Türkiýe we Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministrleriniň bilelikde geçiren maslahatynyň ýanynda Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyrmak barada tutan tutumy halkara kanunlaryna garşydyr we gynanç bilen kanuny gödek bozýan Waşington döwleti kanuna eýerýän ýurtlary jezalandyrjak bolýar diiýp nygtady.

Zarif sözüniň dowamynda Amerikalylar amala aşyran gadaganlyklary bilen garaşýan maksatlaryna ýetip başarandäldirler diýmek bilen Türkiýe we Azerbaýjan respublikasy gadaganlyklar baradaky Eýranyň pozisiýasyny goldadylar we Eýran bilen hyzmatdaşlyklaryny dowam etjekdiklerini yglan etdiler diýip nygtady.