Nov 07, 2018 22:18 Asia/Ashgabat
  • Dežpasand:milli pul birligiň gymmatyny goramak milli kimligi goramakdyr

Eýranyň ykdysadyýet we maliýe ministri Farhad Dežpasand Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň walýutanyň Eýrana geçirilmeginiň öňüne geçmek ugurda tagalla edip duran mahaly Eýranyň milli pul birligini goramak milli kimligi goramak manysyndadyr diýdi.

Eýranyň ykdysadyýet we maliýe ministri Farhad Dežpasand sözüniň dowamynda gadaganlyklar döwürinde hususy bölümiň ýöriteräk rola eýedigini aýdyp iş ýagdaýyny gowlaşdyrmak.bank,pul,gümrük we salgyt düzümini düzeltmek ugurda hususy bölümiň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny isledi.

Amerikanyň hazynadarlyk ministrligi geçen duşenbe güni Eýranly 700 şereketi ,şahsyýeti, banky,uçary we gämini gadaganlyklar sanawna aldy.

Amerika döwletiniň bir taraplaýyn şekilinde ýadro ylalaşykdan çykmagy dünýä derejesinde köp nägilelikleri we tankytlary öz yzyna tirkändir.

Tags