Ruhani:Amerikanyň garşysynda Eýran başyny egmez
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani garaşsyz we erkin ýurt bolan Eýran Amerikanyň garşysynda başyny egmez diýdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý etrapynyň ilatynyň arasynda eden çykyşynda duşmanlar Eýranyň ykdysadyýetine basyş bermek we ilata kynçylyk döretmek bilen Eýran milletini uly maksatlaryndan alyp galyp başarmazlar diýmek bilen Eýran halky yslam ynkylabynyň ýeňiş gazanan gününiň 40-nji ýyllygyny kuwwatlylyk we şowhunlylyk bilen dünýä görkezjekdir diýip nygtady.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda durmuşda dünýäniň bütin ýurtlary we milletleri Amerikanyň zalymlykly hereketlerine garşydyrlar diýmek bilen Waşington döwleti Eýran milleti bilen sebit milletleriniň arasyny bozup başarmaz sebäbi olaryň hemmesi musulman we birek biregiň ýanyndadyrlar diýip beýan etdi.
Ruhani şeýle-de Eýran milletiniň ýanynda Yrak,Liwan,Siriýa,Ýemen,Owganystan,Pakistan ýurtlary hemde yslam dünýäsi çydamlylygyň,imanyň,yslamyň we garaşsyzlygyň yzyndadyrlar we sebit milletleriniň çydamlylygy bilen ezijiler şowsyzlyga uçrajakdyrlar diýip sözüne goşdy.