Nov 21, 2018 21:20 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: gyryş ýaraglara we terrorizme garşy göreşmekde Eýran birinji hatardadyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran terrorizmiň we himiki ýaraglaryň iň uly gurbany bolandyr we durmuşda gyryş ýaraglara we terrorizme garşy göreşmekde birinji hatarda durandyr diýdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani döwlet toparynyň maslahatynda eden çykyşynda dürli ýurtlarda bikanun pullaryň aklanşyna yşarat edip Eýran Yslam respublikasy maliýe sistemalar arkaly terrorçylaryň pul geçirmekleriniň öňünde duran möhüm ýurtlaryň birisidir diýip nygtady.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda dünýä derejesinde neşe maddalaryna garşy göreşmekde hem Eýranyň öňdewdigini aýdyp Eýranyň tertip-düzgün goraýjy we howpsuzlyk güýçleriniň, Sepah Pasdaran we besijiň(halk güýçleriniň) gündogar we günbatar serhetlerdäki jan aýamazlyklary neşe maddalaryň we bikanun pullaryň öňünde durmakdada Eýranyň berk yraada gulluk edýänligini mälim edýändir diýip beýan etdi.

Tags