Larijani: ýadro ylalaşygyndan çykmaga Eýranyň haky bardyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani ýadro ylalaşygyň dowamyna yşarat edip bu ylalaşygyň dowamynda Eýranyň bähbitleri üpjün bolmasa bu ylalaşykdan çykmak Tehraniň hakydyr diýip yglan etdi.
şu gün Ali Larijani habar konferensiýasynda ýadro ylalaşygyny dowam etdirmek üçin ýewropalylar bilen geçirilýän gepleşiklere yşarat edip Ýewropalylar bu mesele babatly soňky tutumy tutmalydyrlar we maliýe sistemasyna degişli meseleleri ara atmalydyrlar sebäbi bu mowzugyňFATF-e degişli ýeri ýokdyr diýip nygtady.
Eýranyň mejlis başlygy sözüniň dowamynda Ýewropalylar bilen bolýan gepleşikler netijesiz galsa ýadro ylalaşygyň çarçuwasynda işiň dowam etdirilmegi barada tutum tutuljakdyr diýip beýan etdi.
Ýewropalylar ýadro ylalaşygyň goralmagyna aýak direýärler emma amal ýüzinde keýeňlik edýärler diýip Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani sözüne goşdy.