Zarif Amerikanyň resmilerini tankyt etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4269-zarif_amerikanyň_resmilerini_tankyt_etdi
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Eýranyň raketa işleriniň gadagandäldigini aýdyp birleşen milletler guramasynyň howpsuzlyk geňeşiniň çykaran 2231-nji kararhaty baradaky Amerikalylaryň gapmagarşylykly sözlerini tankyt etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 05, 2018 17:14 Asia/Ashgabat
  • Zarif Amerikanyň resmilerini tankyt etdi

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Eýranyň raketa işleriniň gadagandäldigini aýdyp birleşen milletler guramasynyň howpsuzlyk geňeşiniň çykaran 2231-nji kararhaty baradaky Amerikalylaryň gapmagarşylykly sözlerini tankyt etdi.

birnäçe gün mundan ozal Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeo täzelikde  Eýran dürli bombalary göterip bilýän ortaşa balestik raketany synagdan geçirendir we bu hereket bolsa 2231-nji kararhata garşydyr diýip toslady.

onuň jogabynda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif twitter sahypasynda Amerikanyň gülkünç şeklinde BMG-niň howpsuzlyk geňeşinden öz maksatlary ugurda haýyrlanmagy Waşingtonyň ygrarsyzlygynyň üstüni basyryp bilmez diýip nygtady. Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif şeýle-de  Amerikalylar 2231-nji kararhaty gowşatmagyň ýerine hemmeleri oňa eýermeklige çagyrmalydyrlar diýip beýan etdi.