Dec 05, 2018 21:13 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýranyň goranyş kuwwatlylygy barada gepleşik geçirilmez

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýran Yslam Respublikasy mydama raketa başarjaňlyklaryna üns berýändir diýmek bilen Eýranyň goranyş kuwwatlylygy barada gepleşik geçirilmez diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif habarçylaryň arasynda eden çykyşynda Eýranyň raketa kuwwatlylygy barada garaýyşlaryny beýan edýän döwletler Aziýanyň günbataryna milliardlarça dollarlyk ýaragy iberip bu sebitiň durnuksyzlaşmagyna sebäp bolandyrlar diýip nygtady.

Muhammet Jawad Zarif sözüniň dowamynda Eýranyň goranyş syýasaty öňüni alyş çäreler esasyndadyr diýmek bilen hiç bir döwlet uly we garaşsyz ýurt bolan Eýran ýurdyndan gorag enjamlaryna eýe bolmazlygyny isläp bilmez diýip beýan etdi.

Zarif sözüniň ýene bölüminde Ýewropa Bileleşiginiň ýadro ylalaşygy barada eden işlerine hem yşarat edip SPV baradaky soňky ylalaşyk hasyl bolandyr we golaý geljekde hasaba alynjakdyr diýip yglan etdi.

 

Tags