Salehi Günbatara duýduryş berdi
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi urany baýlaşdyrmak işleri dowam edip durandyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy yrada eden wagtynda 300 kilogyrama çäklenmäni halan mukdar urany baýlaşdyryp bilýändir diýip yglan etdi.
Ali Akbar Salehi Fordo saýtyny baryp gören mahaly beren gürrüňlerinde Eýranyň ýadro işleri şowhunlylyk bilen ileri barýar diýip nygtady.
Salehi sözüniň dowamynda ýadro işleri barada Eýran bir näçe çäkligi kabul edendir emma bu mesele Eýranyň parahatçylykly ýadro işleriniň öňüne geçýän däldir diýip beýan etdi.
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy ýadro ylalaşygyny amala aşyrmak ugurdaky Günbataryň keýeňlik etmeklerini tankyt etmek bilen Eýran Yslam Respublikasy yrada eden ýagdaýynda Fordo saýtynda urany 20 göterim baýlaşdyrmak işlerini ýaňadan başlap biljekdir diýip sözüne goşdy.