Dec 15, 2018 22:15 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýranyň raketalarynyň üstünde gepleşik geçirilmez

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýranyň raketalary goranyş we öňüni alyş çäreler esasyndadyr diýmek bilen Eýranyň raketalarynyň üstünde gepleşik geçirilmez diýdi.

Muhammet Jawad Zarif Dohe maslahatynyň ýanynda Kataryň Al-Jazira tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Aziýanyň günbatarynda ýerleşen ýurtlara görä Eýranyň harby işleri ugurdaky çykdaýjysy gaty azdyr diýip nygtady.

Zarif sözüniň dowamynda Eýranyň ballistik raketalary synagdan geçirmek bilen Birleşen Milletler Guramanyň 2231-nji karar hatyny bozandyr diýip Amerikalylaryň aýtýan gürrüňlerini ret etmek bilen Waşington döwleti bir taraplaýyn şekilinde ýadro ylalaşygyndan çykyp açyk tärde 2231-nji karar haty aýak aşaga salandyr oňa görä bu karar hat barada Amerikalylar gürrüň edip bilmezler diýip beýan etdi.

Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşiniň 2231-nji karar haty Eýrany raketa synaglardan alyp galýan däldir eýsem bu karar hatda atom bombalary göterip bilýän raketalara yşarat bolandyr diýip Zarif sözüne goşdy.

Eýran Yslam Respublikasy mundan ozal ençeme gezek ýadro ýaraglaryň yzynda däldigini yglan edendir.

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de halkara köpçüligiň ýadro ylalaşygynyň galmagyny isleýändigine yşarat edip Amerika döwleti ýadro ylalaşygyny ejizletmek ýa-da ony ýok etmek ugurda elinden gelen işi edendir diýdi.

Tags