Zarif Amerikalylara garap:Eýran kanundan gaçýanlar bilen gepleşik geçirmez diýdi
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýran bilen gepleşik geçirmek üçin Amerikanyň ara atan 12 şertine yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy kanuny äsgermeýänler bilen gepleşik geçirmez diýip yglan etdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministri Zarif Twetter sahypasynda Eýran bilen gepleşik geçirmek üçin Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeonyň ileri süren 12 şertine yşarat edip Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşiniň karar hatyny bozandan soňra 12 şerti araýan tarap bilen gepleşik geçirmejekdigine şek-şübeh ýokdyr diýip nygtady.
Zarif şeýle-de başga ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmakda Tehranyň aýyplanmagyny ret edip sebitiň içeri işlerine gatyşýan ýurt Amerikadyr sebäbi Eýran öz sebitinde huzurlydyr diýip sözüne goşdy.
Eýran Yslam Respublikasy her ýerde harby güýji ýa-da harby geňeşçisi bar bolsa şol ýurdyň döwletiniň çakylygy we islegi esasynda bolýandyrlar emma Amerika rugsatsyz sebit ýurtlarynda harby güýçlerini ýerleşdirendir diýip Zarif aýtdy.