Jan 04, 2019 21:33 Asia/Ashgabat
  • Tehraniň juma namazynyň hatyby: Ortagündogar Amerikanyň arzuwlarynyň görüstanyna dönendir

Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Muhammet Jawad Haj Ali Akbari Ortagündogar we Aziýanyň günbatary Eýran milletiniň çydamlylygy babatly Amerikanyň arzuwlarynyň görüstanyna döndi diýdi.

şu gün Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Muhammet Jawad Haj Ali Akbari Amerikaly harbylaryň Siriýadan çykarylmagyna we Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň gizlinlikde Yraga gurnan saparyna  yşarat edip Amerika döwleti Aziýanyň günbataryna aralaşyp Yragy betbagtlyga uçratdy diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Muhammet Jawad Haj Ali Akbari sionist režimi Eýran milletiniň çydamlylygynyň garşysynda agyr günleri başdan geçirip durandyr diýmek bilen Liwan Hizbollasy, Yragyň Haşdoşşabisi, ýemeniň Ansarolla hereketi, Bahreýniň halk ynkylaby , Nigeriýanyň yslam hereketi Amerikanyň garşysyndaky çydam toplumlaryny ybaratlaýandyrlar diýip beýan etdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Muhammet Jawad Haj Ali Akbari sözüniň dowamynda Eýran Yslam respublikasy sebitde çydamyň nusgasydyr we DAEŞ toparyna şowsuzlyga uçratmak bilen Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky puç bileleşigi ýoklyga tarap iterendir diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Muhammet Jawad Haj Ali Akbari yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň 40-njy ýyllygynyň bosagasynda yslam ynkylaby bir milletiň ýaňadan dogulşy hasaplamak bilen bu ynkylap Ymam Humeýni hezretleriň ýolbaşçylygynda ýeňişe ýetendir diýip beýan etdi.

Tags