mertebesi belent ýolbaşçy: Eýran goşunynyň batly hereketi dowam etdirilmelidir
(last modified Tue, 28 Nov 2017 17:11:36 GMT )
Nov 28, 2017 22:11 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy: Eýran goşunynyň batly hereketi dowam etdirilmelidir

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy 7 azara barabar gelýän Eýranyň deňiz güýji gününiň bu güýjiň buýsança we başýokarlyk hemde pidakärçiliklerini gadyrlamak günidir diýdiler.

şu gün Aýatolla hamenei Hezretleri Eýran goşunynyň deňiz güýjiniň serkerdeleriniň we jogapkärleriniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde1359-nji hijri şemsi senesiniň 7-nji azarynda Eýran goşunynyň deňiz güýjiniň Yrak goşunyna garşy amala aşyran operasiýasy urşda öçmejek täsirini galdyrandyr we Eýranyň deňiz güýjiniň batyrgaýlygy, başlangyjy we meýilleşdirişi bilen amala aşyran bu hereketi duşmany suwa musallat bolmakdan alyp galandyr diýip nygtadylar.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hamenei Hezretleri 7-nji azar şehitleriniň ýat we hatyrasyny gadyrlamak bilen bir wagtda alla ýolunda şehit bolmak zyýan däldir belkide oljadyr ýene bir ybaratda Ymam Humeýni hezretleriň aýdyp geçişi ýaly şehitligi bolan milletiň ýesirligi bolmaz diýip beýan etdiler..

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hamenei Hezretleri sözüniň dowamynda deňiz güýjiň ähmiýetine yşarat edip bu güýç ýurdy goramakda birinji hatarda durandyr we makran, Umman deňizi we erkin suwlar ýaly möhüm sebitlere garaýandyr diýip nygtady.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hamenei Hezretleri şeýle-de erkin suwlarda huzurly bolmak öňkiler ýaly dowam etdirilmelidir diýip sözüne goşdy.