Ruhani: goranyş we ylmy raketalarymyza buýsanýarys
(last modified Thu, 10 Jan 2019 16:23:28 GMT )
Jan 10, 2019 21:23 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: goranyş we ylmy raketalarymyza buýsanýarys

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani durmuşda raketa, Eýranyň goranyş abzalydyr we Eýran milleti oňa buýsanýar diýdi.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehranda Eýran häkimiýetiniň salasyny saýgaryş ýygnagynyň öňki başlygy Aýatolla Haşemi Rafsanjaniň dünýäden gaçdan gününiň 2-nji ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen çärede beren gürrüňlerinde geljek hepdelerde Eýranda bejerlen raketalar arkaly iki emelihemra orbitada ýerleşdiriljekdir diýip habar berdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda Eýran milleti ýadro ylalaşygy bilen uly iş bitirdi we bu ylalaşyk arkaly bir güniň içinde BMG-niň howpsuzlyk geňeşiniň Eýrana garşy 6 kararhaty güýçden düşürildi diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň ýene bir bölüminde Eýrana töňkelen uruş diňe harby uruşdäldi belkide Eýranyň yslam ynkylabynyň glowballaşmagynyň öňüne geçmek üçin ýola berilipdi diýip beýan etdi.