Falahatpişeh:Polşada Eýrana garşy geçiriljek maslahat Ýewropa üçin bir şowsyzlykdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4544-falahatpişeh_polşada_eýrana_garşy_geçiriljek_maslahat_Ýewropa_üçin_bir_şowsyzlykdyr
Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatollah Falahatpişeh Amerikalylar Polşada Eýrana garşy maslahaty geçirmek bilen Ýewropa musallat bolandyklaryny görkezjek bolýarlar we bu mesele Ýewropalylar üçin bir şowsyzlykdyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 12, 2019 19:00 Asia/Ashgabat
  • Falahatpişeh:Polşada Eýrana garşy geçiriljek maslahat Ýewropa üçin bir şowsyzlykdyr

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatollah Falahatpişeh Amerikalylar Polşada Eýrana garşy maslahaty geçirmek bilen Ýewropa musallat bolandyklaryny görkezjek bolýarlar we bu mesele Ýewropalylar üçin bir şowsyzlykdyr diýdi.

Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo Eýrany gorkunç görkezmek ugurdaky syýasatynyň çarçuwasynda 13-nji we 14-nji Fewralda Polşanyň paýtagty Warşawada Eýran barada maslahat geçiriljekdigini yglan etdi.

şu gün Heşmatollah Falahatpişeh Irna habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo diplomat bolmazdan öňürti aňtaw afiseridir we onuň işi ruhy urşy ýola bermekdir diýip nygtady.

Falahatpişeh şeýle-de Mike Pompeo ilkiden Amerikanyň içerisinde Eýrana garşy ruhy urşy ýol berjek bolup tagalla etdi emma netije alyp başarmady diýip sözüne goşdy.