Ruhani: Eýrana bsyş bermek bilen Amerika netije alyp bilmez
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikalylar Eýran milletiniň kuwwatlylygynyň öňüne geçmek üçin agyr basyşlaryň yzyndadyrlar emma netije alyp bilmezler diýip nygtady.
şu gün prezident hasan Ruhani ministrler topary bilen Eýranyň welaýat häkimleriniň bilelikdäki maslahatynda eden çykyşynda durmuşky ýagdaýda Amerikalylar ygraryndan dänip sebitiň birnäçe ýurdynyň kömegi bilen Eýran milletine agyr basyşlary ýola bermegiň yzyndadyrlar emma Eýranyň döwletidir milletiniň arkadaşlygy bilen bu pitneler şowsuzlyga uçrajakdyr diýip beýan etdi.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda Eýranyň, goňşy ýurtlary bilen saklaýan gatnaşyklarynyňösdürilmegini nygtamak bilen Eýranyň hususy bölümi başga ýurtlaryň hususy bölümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyklaryna başlandyr we bu hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdir diýip yglan etdi.
prezident Ruhani sözüniň ýene bir bölüminde Eýranyň uçuran emelihemrasyna yşarat edip emelihemragöteriji we emelihemra bejermekde Eýranyň uly üstünliklere ýetendir elbetde bir azajyk kynçylyklar dörändir we golaý geljekde olar hem çözüljekdir diýip nygtap geçdi.