Larijani:Press TV-iň alypbaryjys baradaky Amerikanyň boluşy Waşingtonyň ýalan syýasatynyň mysalydyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Press TV tele ýaýlymynyň alypbarajysy we habarçysy baradaky Amerikanyň boluşyny halkara derejesinde Waşingtonyň ýalan syýasatynyň bir mysaly hasaplady.
Amerikanyň federal polisiýasy Press TV tele ýaýlymynyň aslyýeti Amerikaly bolan alypbarajysy we habarçysy Marzie Haşemini maşgala agzalaryny görmek üçin Amerika baran mahaly delilsiz tutup türmä basandyr.
şu gün Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani mejlisiň açyk maslahatynyň başynda Marziýe Haşemi baradaky Amerikanyň wagşylykly we bikanun boluşy adam hukuky baradaky Waşingtonyň toslamalarynyň içi boşlugyny belli edendir diýip nygtady.
Larijani sözüniň dowamynda Amerikada we Fransiýada ýüze çykyp duran wakalaryň pesräk hili Eýranda ýüze çykan bolsa bu ýurtlaryň adam hukuk baradaky toslamalary dünýäni alady diýip beýan etdi.