Marzieh Haşemi azatlyga goýberildi
Amerikada Eýranyň bähbitlerini goraýan gullugy binäçe gün mundan ozal Amerikada tutulan press TV kanalyň alypbaryjysy hanym Marzieh Haşeminiň azatlyga goýberilenligini yglan etdi.
Amerikada Eýranyň bähbitlerini goraýan gullugynyň jogapkäri şu gün ertir bilen IRNA bilen geçiren söhbetdeşliginde çarşenbe güni öýleden soňra merikada tutulan press TV kanalyň alypbaryjysy hanym Marzieh Haşeminiň azatlyga goýberilenligini yglan etdi.
Mahdi Atef sözüniň dowamynda merikada Eýranyň bähbitlerini goraýan gullugy hanym Marzieh Haşeminiň tutulan wagtynda bäri onuň hukuky işlerini çynlakaýlyk bilen yzarlandyr we degişli merkezler bilen habarlaşandyr diiýp nygtady.
Atef şeýle-de Amerikanyň federal polisiýasynyň yglan etmegine görä hanym Marzieh Haşemiýe ýapylan aýyp ýokdyr we ol diňe şaýat höküminde tutulandyr şu esasda çarşenbe güni sudda şaýatlyk etmeginden soňra onuň azatlyga goýberilmegine garaşylýardy diýip yglan etdi diýip sözüne goşdy.