seleşger Safawi:Amerika DAEŞ terrorçylaryny Owganystana geçirýändir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4663-seleşger_safawi_amerika_daeŞ_terrorçylaryny_owganystana_geçirýändir
Eýranyň bütin güýçleriniň mertebesi belent ýolbaşçysynyň maslahatçysy serdar serleşger Siýt Ýahýa Rahim Safawi Amerikalylaryň DAEŞ terrorçylaryny Owganystana geçirýändiklerini belli edýän anyk maglumatlaryň bardygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 05, 2019 15:14 Asia/Ashgabat
  • seleşger Safawi:Amerika DAEŞ terrorçylaryny Owganystana geçirýändir

Eýranyň bütin güýçleriniň mertebesi belent ýolbaşçysynyň maslahatçysy serdar serleşger Siýt Ýahýa Rahim Safawi Amerikalylaryň DAEŞ terrorçylaryny Owganystana geçirýändiklerini belli edýän anyk maglumatlaryň bardygyny aýtdy.

şu gün serleşger Siýt Ýahýa Rahim Safawi Tehranda Yslam Ynkylabynyň ýeňişe ýeten günleriniň ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabarada beren gürrüňlerinde Owganystan we Yrak ýurtlaryndaky Amerikalylaryň şowsuzlyklaryna yşarat edip Amerika we Sionist režimi synyp barýandyrlar diýip nygtady.

serleşger Safawi sözüniň dowamynda geçen 40 ýylyň boýunda Yslam Ynkylabynyň gazananlaryna yşarat edip bu möhletiň dowamynda Eýran Yslam Respublikas goranyş kuwwatlylygyny ýokarlandyryp Sionistleriň haýbat atmalarynyň garşysynda durup sebitde bir gudrata dönendir oňa görä yslam ynkylaby musulmanlar we dünýäniň erkin talaplary üçin bir görelde bolup biljekdir diýip beýan etdi.

Eýranyň bütin güýçleriniň mertebesi belent ýolbaşçysynyň maslahatçysy serdar serleşger Siýt Ýahýa Rahim Safawi şeýle-de Siriýa barada yslam ynkylabynyň merteesi belent ýolbaşçysynyň çäre görijiligi we öňden görijiligi bilen Amerika we Sionist režimi tarapyndan goldanýan terrorçylaryň Siriýa we Yraga garşy hüjümleriniň Eýranyň bu ýurtlary goldamagy netijesinde şowsuzlyga uçranlygyny nygtady.