Zarif: maliýe dolanşygy üçin Ýewropa garaşyp durmarys
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif maliýe gatnaşyklary üçin Eýranyň , Ýewropa garaşyp durmajakdygyny aýtmak bilen Eýran we ýewropanyň arasynda maliýe kanaly döretmek durmuşky ýagdaýda bir synagdyr we bu ugurda Ýewropalylaryň neçende çynlakaýdyklaryny görmeli bolýar diýip nygtady.
Muhammet jawad Zarif sözüniň dowamynda Eýran mejlisiniň milli howpsuzluk we daşary syýasat komissiýasynyň maslahatyndan soňra habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde ýewropalylar Eýran bilen maliýe kanaly döretmekligi uzaga çekdirendirler we onuň delili hem Amerikanyň basyşlarydyr diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif sözüniň dowamynda Eýran, ýadro ylalaşygy baradaky bütin borçlaryna amal edendir emma ýewropalylar wadasynda durmadylar we Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň öwezini doldyryp başarmadylar diýdi.
Zarif şeýle-de maliýe kanaly Eýrandan beter Ýewropa möhümdir olar onuň üsti bilen garaşsyzdyklaryny we özini yzarlapbilýändiklerini görkezip bilýärler diýdi.