Feb 14, 2019 21:47 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: terrorçylar ýer şarynyň hiç bir ýerinde howpsuzlyk duýmalydäldirler

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani terrorçylar diňe Siriýada däl eýsem dünýäniň hiç ýerinde howpsuzlyk duýmalydäldirler diýdi.

şu gün prezident hasan Ruhani Orsýetiň Soçi şäherinde Eýran, Orsýet we türkiýäniň prezidentleriniň bilelikdäki maslahatynda eden çykyşynda Siriýada bütin terrorçylaryň köküniň gyrylýan mahalyna çenli terrorçylara garşy göreşmek dowam etdirilmelidir diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de bikanun şeklinde Siriýa giren Amerikaly harbylar tizlik bilen bu ýurtdan çykarylmalydyr diýip sözüne goşdy.

prezident Hasan Ruhani şeýle-de siriýa garşy hüjüme geçmek baradaky sionist reižimiň bikanun hereketini ütindünýä howpsuzlygyna garşy hasaplamak bilen halkara köpçüliginden sionist režimiň öňünde durmagyny isledi.

Orsýetiň Soçi şäherinde Eýran, Orsýet we türkiýäniň prezidentleri bilelikdäki maslahatynda Siriýa meselesi barada pikir alyşýarlar.

Tags