Feb 15, 2019 21:27 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Eýrana garşy urşa girişmek öz ajalyňa kaýyl bolmakdyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Eýrana garşy her hili harby herekete başgoşulmagy öz ajalyňa kaýyl bolmak hökümindedir diýdi.

şu gün Muhammet jawad zarif Munheniň howpsuzlyk konferensiýasynyň ýanynda NBC  tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Yragyň Eýrana garşy urşyna ugurdaş bolanlar durmuşda Eýrana garşy uruşyň yzyndadyrlar emma bu adamlar soňunda Eýrana garşy uruşa girişmegiň olaryň janlaryna kast etmekleri manysynda boljakdygyny düşünjekdirler diýip nygtady.

Donald Trampyň döwletiniň düzümindäki käbir resmiler Eýrana garşy uruş turuzjak bolýanlar emma şowsuzlyga uçrajakduyrlar diýip zarif sözüne goşdy.

Zarif şeýle-de ýadro ylalaşygy barada Amerika döwleti bilen ýaňadan gepleşik geçirilmejekdigini aýtmak bilen halakara ylalaşyklardan dänýän Trampa ybnam edip bolmaz diýip nygtady.

Tags