Amir Abdullahiýan:Amerika Wenesuelada gozgalaň turuzmagyň yzyndadyr
(last modified Mon, 25 Feb 2019 14:04:22 GMT )
Feb 25, 2019 19:04 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahiýan:Amerika Wenesuelada gozgalaň turuzmagyň yzyndadyr

Eýranyň mejlisiniň başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdullahiýan Amerikanyň Wenesuelanyň içeri işlerine gatyşmagyny tankyt etmek bilen Waşington döwleti Wenesuelanyň kanuny döwletini ýykmagyň we bu ýurtda gozgalaň turuzmagyň yzyndadyr diýdi.

Hoseýin Amir Abdullahiýan Tehranda Kubanyň ilçisi Alesis Bandariç Wega bilen geçiren duşuşygynda Latin Amerikadaky käbir ýurtlara garşy Amerikanyň amala aşyrýan duşmançylykly hereketlerine yşarat edip Wenesuela döwleti bilen onuň garşydaşlarynyň arasynda syýasy gepleşikleriň geçirilmegi Amerikanyň pitnelerini şowsuzlyga uçratmak üçin iň oňat çäredir diýip beýan etdi.

Eýran mydama ýurtlaryň garaşsyzlyk we häkimiýet haklaryny goldandyr we kesekileriň başga ýurtlaryň içeri işlerine goşulmaklaryna garşydyr diýip Amir Abdullahiýan sözüne goşdy.

Eýranyň mejlisiniň başlygynyňhalkara işler boýunça ýörite kömekçisi şeýle-de Tehran bilen Hawananyň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini isledi.

Aleksis Bandariç Wega hem bu duşuşykda Eýranyň Yslam Ynkylabyny bütin dünýä azatlyk isleýjileri üçin möhüm nusga hasaplamak bilen iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini talap etdi.

dünýäniň köpi ýurtlary Amerikanyň Wenesuelanyň içeri işlerine goşulmagyny ýazgarýandyrlar.

Tags