Şamhani:Amerikanyň gudraty synyp barýandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4824-Şamhani_amerikanyň_gudraty_synyp_barýandyr
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani dünýä derejesinde Amerikanyň gudraty synyp barýandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 03, 2019 16:32 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:Amerikanyň gudraty synyp barýandyr

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani dünýä derejesinde Amerikanyň gudraty synyp barýandyr diýdi.

şu gün Ali Şamhani Tehranda geçirilen ýygnakda beren gürrüňlerinde yslam çydamlylygynyň kökini guratmak ugurda Amerika,Günbatar we sebitiň garaşly döwletleri terrorçylardan peýdalanandyrlar emma çydamyň ýaşlary,Siriýa goşuny,Yragyň Al-Haşdol Şabisi,Ýemeniň Ansar Allah hereketi we häräm goraýjylary Günbataryň dünýäniň merkezi däldigini we Amerikanyň gudraty barada kagazdan bejerlen heýkeliň aňsatlyk bilen ýykyljakdygyny belli etdiler diýip nygtady.

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary sözüniň dowamynda sebitde yslam dünýäsine abanyp duran iň möhüm we çylşyrymly howp tekfiri terrorçylaryň yslam ýurtlaryna häkim bolmagydyr we bu mesele çydam medeniýetinde terbiýelenen ýaşlaryň jan aýamazlygy bilen şowsuzlyga uçrady diýip nygtady.