Şariatmadari: Amerikanyň Eýrana garşy ykdysady basyşlary uruş jenaýatydyr
Eýranyň iş ministri Muhammet Şariatmadari , Amerikanyň Eýrana garşy ýola berýän ykdysady basyşlary uruş jenaýatlaryndan hem beterdir we hiç kim umum adamzada garşy jenaýatlaryň yzygelimlerinden geçip başarmaz diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren yhabaryna görä Muhammet Şariatmadari Lorestan welaýatynda geçirlen dabarada beren gürrüňlerinde Eýran milleti sabyrlylyk we durumlylyk bilen Amerikany şowsuzlyga uçratdy diiýp nygtady.
Şariatmadari şeýle-de 40 ýyldan soňra Eýranyň Yslam Ynkylabynyň soňlamagy baradaky Amerikanyň arzuwsy başa baran däldir diýmek bilen durmuşky ýagdaýda Amerikanyň berýän basyşlary Eýran milletine täsir galdyrmak üçindir emma bu hereket hem netije beren däldir diýip beýan etdi.