Mar 25, 2019 16:46 Asia/Ashgabat
  • Larijani Trapyň Galant beýiklikleri baradaky sözlerini ýazgardy

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Siriýanyň basyp alynan Gallant beýikliklerine Sionist režiminiň häkimiýet etmegi baradaky öjükdiriji gürrüňlerini ýazgardy.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ali Larijani basyp alynan Gallant beýiklikleri baradaky Donald Trampyň bu gürrüňlerini ynsan usulyna,halkara hukuka we halkara karar hatlara garşy hasaplady.

Eýranyň mejlis başlygy Trampyň dünýä ýurtlary we umumy pikirlere garşy ýüzlenmesini dünýäniň aýratynda günbatar aziýanyň parahatçylygyna we howpsuzlygyna uly ähim hasaplap halkara köpçüliginden we mejlisler ara bileleşiginden täze bir pajyganyň öňüni almak üçin berk çäreleriň görülmegini isledi.

Ak-Tamyň akla laýyk gelmeýän we çäksiz şekilinde Sionist režimini goldamagy dünýäde şol sanda baýak Täze zelandiýada ýüze çykan terrorçylykly hüjümleriň asly sebäpkäridir diýip Larijani sözüne goşdy.

Amerikanyň prezidenti geçen penşenbe güni Twitter sahypasynda ýazan öjükdiriji sözlerinde indi 52 ýylyň geçmegi bilen Amerikanyň Siriýanyň basylyp alynan Gallant beýikliklerine Ysraýylyň kämil häkimiýet etmegini ykrar etmek wagty bolandyr diýip yglan edipdi.

Donald Trampyň bu sözleri sebitde we dünýä derejesinde köp gaýtawullar bilen ýüzbe ýüz bolandyr.

Tags