Reisi: oýa wyždanlar Amerikanyň jenaýatlaryny jogapsyz goýmaz
Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Hojjatol Yslam Seýed Ibrahim Reisi Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Ýemen Garşy uruşda Arabystanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşige berilýän harby goldawlaryň togtadylmagy baradaky Kongressiň taslamasyny weto etmek baradakt hereketi bütindünýä ähliniň ýanynda Amerikany öňkilerden beter ryswa edendir diýdi.
şu gün Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Hojjatol Yslam Seýed Ibrahim Reisi Kazyýet güýjüniň ýokary derejeli jogapkärleri bilen geçiren maslahatynda Ýemeniň agyr ýagdaýna yşarat edip Amerika döwletiniň ylaýtada Donald Trampyň eden işi adam hukuk kdalaryna we halkara ylalaşyklaryna garşydyr we bu hereketler hamala adam hukukyndan arka çykan bolýan döwlet tarapyndan ýüze çykyp durandyr diýip beýan etdi.
Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Hojjatol Yslam Seýed Ibrahim Reisi sözüniň dowamynda oýa wyždanlar Amerikanyň jenaýatlaryny jogapsyz goýmaz diýmek bilen halkara guramalaryň çykaran hasabatlary esasynda Ýemeniň zulum astyndaky ilatynyň ýagdaýy ýawuzlaşandyr we Amerikanyň jenaýatnamasyna ýene bir sahypa artandyr diýip nygtap geçdi.