Eýranyň üçlük güýçleriniň başlyklary serdar Salamyny täze wezipesi bilen gutladylar
Eýranyň prezidenti,kazyýet güýjüniň başlygy we mejlis başlygy aýry aýry sargytlar boýunça yslam ynkylabynyň orny belent ýolbaşçysy tarapyndan serdar Hoseýin Salamynyň pasdarlar sepasynyň täze başlygy höküminde bellenmegini gutladylar.
Eýranyň bütin güýçleriniň başlygy Aýatollah Hameneýi hezretleri bir perman boýunça yslam ynkylabynyň pasdarlar sepasynyň ozalky serkerdesi Muhammetali Jafariň çeken zähmetlerinden gadyrdanlyk edip serdar Salamy-e serleşgerlik orny berip ony yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň täze başlygy höküminde bellediler.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani bu mynasibetli beren sargydynda serleşger Salamynyň sepah güýjine baştutanlyk etjek döwürinde Eýranyň ýaragly güýçleriniň arasyndaky jebislik we yslamy düzgüniň hyzzaty we kuwwatlylygy ozalkylara görä iki esse bolar we duşmanlaryň garşysynda yslam ynkylabynyň gymmatlylyklaryny goramaklygy mäkäm suratda dowam etdirer diýip nygtady.
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani hem özüniň sargydynda sepah güýjini yslam ynkylabynyň bereketli miwelerinden hasaplamak bilen serleşger Salamynyň bu güýje baştutanlyk etjek döwürinde bu ynkylabçy güýjiň paýalary ozalkylardan hem köpräk berkär diýip ynam bildirdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seyed Ibrahim Reesi hem serleşger Salamy-e ýollan gutlag sargydynda onuň yslam ynkylabynyň pasdarlar sepasyna baştutanlyk etmekde işiniň rowaçlyklara beslenmegini umyt etdi.
Eýran goşunynyň ýokary serkerdesi,düzgünçi güýjiň serkerdesi,Eýran düzgüniniň salasyny saýgaryş ýygnagynyň başlygy we tele radio guramanyň başlygy hem aýry aýry sargytlar boýunça serdar Salamyny täze wezipesi bilen gutladylar.