Ruhani: Amerikalylar Eýranyň nebit eksportynyň öňüne geçip bilmezler
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani , Amerikanyň Eýranyň nebit müşderilerine beren maslahatynyň Waşington tarapyndan ýatyrylmagyna yşarat edip Amerikalylar Eýranyň nebit eksportynyň öňüni alyp bilmezler we Eýran Yslam respublikasy özüniň nebit eksprtyny dowam eder diýip yglan etdi.
şu gün Hasan Ruhani Eýranyň günbatarynda ýerleşen Kermanşah welaýatynda birnäçe taslamany ulanyşa beren mahaly beren gürrüňlerinde Eýran hiç kim bilen duşmançylyk edýän däldir ýöne edilýän duşmançylykly hereketleri hem synlap oturmaz diýip yglan etdi.
Ruhani, Eýran milletiniň güýç- kuwwaty we gaýdusyzlygy Amerikalylaryň çaklamalaryndan aşarakdyr diýmek bilen Eýran, edilýän duşmançylyklara we hilelere çydam bilen gaýtawul berer diiýp nygtap geçdi.