prezident Ruhani:her bir duşman Eýranyň garşysynda ýeňiljekdir
(last modified Sat, 04 May 2019 13:20:08 GMT )
May 04, 2019 18:20 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani:her bir duşman Eýranyň garşysynda ýeňiljekdir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani duşmanlaryň Eýrana garşy yzarlaýanmekirli hereketlerine yşarat edip Eýran gaýduwsyzlyk,umyt we agzybirlik bilen her bir duşmany ýeňer diýip ynam bildirdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün Tehranda mugallymyň ornuny gadyrlamak maksady bilen geçirilen dabarada beren gürrüňlerinde Amerikanyň Eýranyň tersine ýola berýän gadaganlyklarynyň maksatlaryna yşarat edip sebitde we dünýäde täsirli bolýan garaşsyz we azamatly Eýran ýurdy Amerika üçin kabul erdrlikli däldir diýdi.

prezident Ruhani Eýranyň yslam ynkylabynyň esasy garaşsyzlykdyr diýmek bilen Amerika döwleti özüniň haramy niýetlerine ýetmek üçin Eýranyň gazanýan daşary walýutalaryny azaltjak bolýandyr emma Eýran Amerikanyň bu hilesiniň garşysynda gerek bolan çäräni görendir diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şeýle-de Eýranyň nebitini satynalýan taraplara Amerikanyň beren möhletiniň ýatyrylmagyna yşarat edip Eýran Amerikanyň bu gadaganlyklaryna garamazdan özüniň nebitini satjakdyr diýip yglan etdi.