Zarif bilen Lawrowyň Moskwada duşuşygy
Eýranyň daşary işler ministri bilen Orsýetiň daşary işler ministri şu gün Moskwada geçiren duşuşyklarynda iki taraplaýyn we sebitleýin meseleler barada gürrüň etdiler.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçiren bu duşuşygyndaTehran-Moskwanyň gatnaşyklarynyň ähmiýetine yşarat edip ýadro ylalaşygynda galan ýurtlaryň arasynda kä ýurtlaryň şol sanda Orsýetiň Eýran üçin gaty ähmiýetlidigini aýtdy.
Eýran bilen Orsýetiň Geçen bir ýyllykda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soň gowy arkalaşyklary we gatnaşyklary bolandygyna yşarat edip emma gynansakda Ýewropa hiç hili täsirli işi eden däldir diýip Zarif nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de ýadro ylalaşygy hakda Eýranyň tutan tutumy barada prezident Hasan Ruhaniň tarapyndan Orsýetiň prezidenti Wladimir Putina hatynyň bardygyny hem yglan etdi.
bu duşuşykda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň karar hatlaryna ykrarly bolmagy babatly Eýrana gadyrdanlygyny bildirmek bilen Orsýetiň Eýranyň sabyrly bolmagyna köp ähmiýet kaýyl bolýanlygyny nygtady.
ýadro ylalaşygy baradaky Waşingtonyň alyp barýan syýasatlary bu ylalaşyk baradaky dörän häzirki kynçylyklaryň sebäpkäridir diýip Lawrow sözlerine goşdy.