Zarif: Amerikanyň ýasama toslamasy sebit üçin howplydyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif , Aziýanyň günbatar seibitndäki Amerikanyň harby huzuryny artdyrmak ugurdaky soňky toslamasynyň gaýtawulynda bu toslamalar , halkara ýaraşyga we howpsuzlyga gaty howplydyr şonuň üçin oňa garşy göreşilmegi gereklidir diýdi.
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp düýçn beren gürrüňlerinde Amerikaly 1500 harbynyň , Aziýanyň günbatar seibtine iberilenligini habar berip bu iş sebitde Eýranyň howplaryna garşy göreşmek üçindir diýip toslady.
şeýle ýagdaýda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif şu gün ertir bilen Pakistany terk edip Tehrana dolanmagynyň öňüsyrasynda IRNA bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikalylar özleriniň duşmançylykly syýasatlaryny düşündiriş bermek we Pars ýalagynda dartgynlylyk döretmek üçin şeýle toslamalaryny aýtýandyrlar diýip nygtady.
sebitde Amerikaly harbylaryň sanynyň artdyrylmagy üçin Waşingtonyň toslaýan gürrüňi gaty howplydyr we halkara ýaraşykdyr howpsuzlyga howply bolýandyr diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sözüne goşdy.