Admiral Fadawi: Pars Aýlagyndaky Amerikanyň gämileri Eýranyň kontroly astyndadyr
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesiniň oruntutary Amerikanyň, Pars Aýlagy sebitinde ýerleşdiren gämileri , hiç hili operasiýalary ýolaberip başarmaýarlar we bütinleb Eýranyň goşunydyr Sepah Pasdaranynyň kontroly astyndadyr diýip yglan etdi.
Admiral Ali fadawi şu gün ýaş habarçylar kloby bilen geçiren söhbetdeşliginde bu günki gün Amerika bilen onuň ýaranlarynyň Pars Aýýlagyndaky gämileriniň sanynyň gaty azdygyna yşarat edip mundan ozal Amerikanyň azyndan 300 gämisi we uçar ýükleýän 5 gämisi Pars aýlagynda bolandyrlar diýdi.
Amerikanyň gämileriniň Pars Aýlagy seibitnde bolmaklary bir möhüm mesele däldir sebäbi Eýranyň ýaragly güýçleri Pars Aýlagyna musallatdyrlar diýip Sepah Pasdaranyň baş serkerdesiniň oruntutary nygtady.
Serdar fadawi şeýle-de Amerikanyň gämileri Pars Aýlagy bilen Hormoz bogazynda hereket etjek bolsalar Hormoz bogazynyň demirgazygynda Eýranyň ýaragly güýçlerinden rugsat almalydyrlar we Eýranyň suwlaryna ýakynlap başarýan däldirler diýip sözlerine goşdy.