Ruhani: Eýran,Ýaponiýa bilen saklaýan arkalaşyklaryny garşy alýandyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani , Eýranyň günortasynda Ýaponiýanyň maýa goýum etmegini Eýranyň garşy alýandygyhy yglkan etdi.
prezident Ruhani öten agşam Tehranda Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe bilen geçiren habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Ýaponiýanyň gadymdan gelýän aragatnaşyklaryna yşarat edip bu hili iki ýurdyň diplomatik aragatnaşyklarynyň üstünden dogry 90 ýyl geçýändir diýip yglan etdi.
Ýaponiýanyň döwletiniň we premýer ministrmniň, sebitleýinm, halkara , syýasy we ykdysady derejelerde iki ýurdyň aragatnaşyklaryny ösdürmekçi bolmaklary bir gowy işdir we Eýran ony garşy alýandyr diýip prezident Ruhani aýtdy.
bu habar konferensiýada ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe hem öz ýurdynyň Eýran bilen saklaýan gadymy arabaglanşyklaryna yşarat edip Aziýanyň günbataryndaky igenişikleri azaltmak maksady bilen özüniň Eýrana sapar edendigini aýtdy.