mertebesi belent ýolbaşçy:biz Amerika bilen gepleşik geçirmeris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5386-mertebesi_belent_ýolbaşçy_biz_amerika_bilen_gepleşik_geçirmeris
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şu gün ertir bilen Ýaponiýanyň premýer ministri we onuň ýanyndaky topar bilen geçiren duşuşygynda Eýran Yslam respublikasy Amerika asla ynam edýän däldir we ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň çarçuwynda Amerika bilen geçiren söhbetdeşliklerimiziň ajy tejribesi hem hiç haçan gaýtalanmaz sebäbi dünýäniň hiç bir azada we akylly milleti basyşlaryň assynda söhbetdeşligiň geçirilmegini kabul edýän däldir diýip nygtadylar.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jun 13, 2019 13:20 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy:biz Amerika bilen gepleşik geçirmeris

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şu gün ertir bilen Ýaponiýanyň premýer ministri we onuň ýanyndaky topar bilen geçiren duşuşygynda Eýran Yslam respublikasy Amerika asla ynam edýän däldir we ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň çarçuwynda Amerika bilen geçiren söhbetdeşliklerimiziň ajy tejribesi hem hiç haçan gaýtalanmaz sebäbi dünýäniň hiç bir azada we akylly milleti basyşlaryň assynda söhbetdeşligiň geçirilmegini kabul edýän däldir diýip nygtadylar.

bu duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatollah Hameneýi hezretlerine ýüzlenip men Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň sargydyny siz alyjenaplara ýetirmekçi diýip aýtdy.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatollah Hameneýi hezretleri  Ýaponiýanyň premýer ministrne ýüzlenip : biz siziň hoşniýetlidigiňize asla şek etmeýäris ýöne Amerikanyň prezidentine aýdyňyz, men Trampy sargyt alyşyp berişmäge laýyk bilmeýärin we oňa hiç bir sargydym hem ýok we bolup hem ýörmez diýip beýan etdiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatollah Hameneýi hezretleri  , Eýranda režimi üýtgetmek niýetimiz ýok diýip Amerikanyň prezidentiniň Ýaponiýanyň premýer ministrne aýdan gürrüňlerine yşarat edip : biziň Amerikalylar bilen dawamyz režimiň üýtgemegi däldir sebäbi egerde olar şeýle bir niýetleri bolsada ony edip bilmezler, Amerikanyň ozalky prezidentleri hem geçen 40 ýyllykda Eýran Yslam respublikasyny ýok etjek bolup ragalla etdiler ýöne başarmadylar diýip nygtadylar.

Aýatollah Hameneýi hezretleri şeýle-de Amerikanyň Eýranyň ýadro ýarag bejermeginiň öňüni almakçydygy barada Ýaponiýanyň premýer ministriniň aýdan gürrüňlerine yşarat etmek bilen biz umuman ýadro ýaraga garşydyrys we ýadro ýaraglaryň haramlygyny yglan edendiris ýöne bilip goýuň biz ýadro ýaragy bejermekçi bolsak Amerikanyň elinden hem hiç bir iş gelmez we Amerikanyň rugsat bermezligi bu meselede bize böwet bolup bilmez diýip beýan etdiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň çarçuwasynda Amerikalylar bilen geçirilen gepleşikleriň gidişine yşarat edip ýadro ylalaşygyndan soň hemmelerden ozal bu ylalaşygy bozan tarap Obamanyň hut özidi onuň özi Eýran bilen gepleşik geçirmeklige isleg bildirip bu barada araçy hem iberipdi diýip yglan etdiler.

mertebesi belent ýolbaşçy şeýle-de Eýranyň Amerika bilen gepleşik geçirmegi Eýranyň ösüşine sebäp bolar diýip Trampyň Şinzo Abe aýdan gürrüňlerine yşarat edip Allanyň merhemeti bilen Amerika bilen gepleşik geçirmezden gadaganlyklaryň barlygynda hem ösüp öňe barýandyrys diýip nygtadylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy iki taraplaýyn arkalaşyklary ösdürmek barada Ýaponiýanyň premýer ministrniň bildiren islegini garşy almak bilen Ýaponiýa ýurdy Aziýa sebitinde bir möhüm ýurtdyr egerde Eýran bilen saklaýan gatnaşyklarynyň ösdürmekçi bolsa hökman öz yradasyny görkezmelidir şonçada dünýäniň ýene bir näçe möhüm ýurdy bu barada öz yradalaryny tomaşa goýmalydyrlar diýip belläp geçdi.

Ýaponiýanyň premýer ministri hem bu duşuşykda özüniň Tehranda geçiren duşuşyklaryna yşarat edip özüniň Tehran saparynda geçiren söhbetdeşlikleriniň iki ýurduň arkalaşyklarynyň ösüşine ýardym etmegini umyt etdi.