Amirabdollahiýan: Trampyň ýekeje çykalgasy Eýranyň garşysynda boluşyny üýtgetmegidir
(last modified Sun, 30 Jun 2019 13:14:47 GMT )
Jun 30, 2019 18:14 Asia/Ashgabat
  • Amirabdollahiýan: Trampyň ýekeje çykalgasy Eýranyň garşysynda boluşyny üýtgetmegidir

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň ýekeje çykalgasy Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň we milletiniň berk mantygynyň garşysynda boluşyny üýtgetmegidir diýdi.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan  şu gün twitter sahypasynda Amerikanyň prezidenti Donald Tramp  Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysyny gadaganlyklar listesine goşmak barada gürrüň etmek ornunda däldir diýip nygtady.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan şeýle-de Amerikanyň içalylyk uçarmansyz uçarynyň Eýranyň suw çäginde Sepah Pasdaran arkaly urulyp ýere gaçyrlanlygyna hem yşarat edip egerde ýenede bu hili ýalňyşlyga baş goşulaýsa Eýranyň gaýtawuly kuwwatly boljakdyr diiýp yglan etdi.