Amerikanyň adam hukukyna garşy işleri bilen bütin dünýä köpçüliginiň garşylaşmagynyň zerurlygy
terrorizm,gadaganlyklar we adam hukukyň Amerikaly görnüşi ady bilen şu gün Tehranda geçirilen maslahata gatnaşan ekspertler bu maslahatyň soňunda bir beýannama çykaryp bütin dünýä köpçüliginiň Amerikanyň adam hukukyna garşy hereketleri bilen tersleşmegini nygtadylar.
dünýäniň boýdan başynda Amerikanyň ýola berýän bikanun işleri şol sanda bu ýurduň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagy Eýran milletiniň tersine zalymlykly gadaganlyklary ýola goýmagy Waşingtonyň adam hukukyny äp äşgär aýak aşaga salýandygyny görkezýändir diýilip bu beýannamada getirilýär.
bu beýannamada Eýranyň ýolagçy gatnatýan AIR_BAS uçarynyň 1988-nji ýylyň Iýul aýynyň 3-de Eýranyň günortasynda Winsens atly harby gämi tarapyndan urulyp ýere gaçyrylmagyna yşarat bolmak bilen adam hukukyndan arka çykýan guramalaryň we dünýäniň azada ynsanlarynyň ykrar etmeklerine görä,Amerikanyň harby gämisiniň ýola beren ýaňky işi bu ýurduň döwlet resmileriniň adam hukukyny bozmaklarynyň aýdyň mysalydyr diýilip getirilýär.
ýaňky ýolagçy gatnatýan uçaryň urulyp ýere gaçyrylmagynda onuň içindäki 290 adamyň hemmesi öz janlaryny elden berdiler.