Jul 09, 2019 21:31 Asia/Ashgabat
  • Lawrentiew:Eýranyň howpsuzlygy üpjün edilmese durnuklylyk we howpsuzlyk berkarar bolmaz

Orsýetiň prezidentiniň Siriýa işler boýunça ýörite wekili Aleksander Lawrentiew Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhany bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň bähbitlerini we rolyny ünsden düşürip sebitde durnuklylygy berkarar edip bolmaz diýdi.

Orsýetiň prezidentiniň Siriýa işler boýunça ýörite wekili Aleksander Lawrentiew Putiniň buýrugy bilen Orsýetiň Amerika we Sionist režimi bilen geçiren 3 taraplaýyn maslahaty barada hasabat bermek üçin Tehrana sapar edendir.

ol bu duşuşykda habar serişdeleriň sebitiň ýagdaýy barada geçirilen ýaňky 3 taraplaýyn maslahaty Eýranyň tersine bolan oturylşyk görkezmek ugurda ýaýradan habarlaryna yşarat edip bu maslahatda Eýranyň Siriýadaky huzurynyň kanuna laýykdygyny we Eýrana berilýän basyşlaryň täsirsizdigini maslahata gatnaşan taraplara yglan etdik diýip beýan etdi.

bu duşuşykda Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhany hem Amerikanyň sebit ýurtlaryna köpräk ýarag satmak bilen sebitiň ýagdaýyny bulaşdyrýandygyny ýatladyp Eýran özüniň syýasy we goranyş işlerini dowam etmek bilen özüniň bähbitlerinden we howpsuzlygyndan hem berk arka çykjakdyr diýip yglan etdi.

Tags