Jahangiri:Amerikalylar sebitiň howpsuzlygyna şikes ýetirmegiň yzyndadyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5552-jahangiri_amerikalylar_sebitiň_howpsuzlygyna_şikes_ýetirmegiň_yzyndadyrlar
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Amerikalylar Pars Aýlag we Aziýanyň günbatar sebitiň howpsuzlygyna we durnuklylygyna şikes ýetirmegiň yzyndadyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 11, 2019 12:14 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri:Amerikalylar sebitiň howpsuzlygyna şikes ýetirmegiň yzyndadyrlar

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Amerikalylar Pars Aýlag we Aziýanyň günbatar sebitiň howpsuzlygyna we durnuklylygyna şikes ýetirmegiň yzyndadyrlar diýdi.

Eýranyň döwlet baştutanynyň birinji orunbasary Yshak Jahangiri şu gün Eýranyň boýdan başyndaky etrap häkimleriň ýygnagynda beren gürrüňlerinde sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkarar etmegiň Tehranyň strategiýasydygyna yşarat edip şol bir wagtda Amerikanyň Sionist režimiň bähbitlerini üpjün etmek ugurda sebitde dartgynlylyk döretmegiň yzyndadygyny nygtady.

Amerikalylar şu delil bilen Owganystana,Yraga we Siriýa ýurtlaryna hüjüm edendirler we esassyz bahanalar bilen Ýemene hüjüm edendirler we şol bir wagtyň özünde hem sebit ýurtlaryň arasyny bulagaýlaşdyryp uruş turuzma ugurda tagalla edýändirler diýip Jahangiri aýtdy.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary sözüniň dowamynda Eýran sebitde howpsuzlygy we asudalygy goramak üçin bar güýji bilen tagalla edip durandyr diýip beýan etdi.