Zarif:Amerikalylar dünýäniň syýasy örisinde ýeke galandyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5553-zarif_amerikalylar_dünýäniň_syýasy_örisinde_ýeke_galandyrlar
Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň yzarlaýan ýalňyş syýasatlaryny bu ýurduň dünýäniň syýasy örisinde ýeke galyp çydam toplumynyň üstünlige ýetmegine sebäpkär bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 11, 2019 12:38 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerikalylar dünýäniň syýasy örisinde ýeke galandyrlar

Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň yzarlaýan ýalňyş syýasatlaryny bu ýurduň dünýäniň syýasy örisinde ýeke galyp çydam toplumynyň üstünlige ýetmegine sebäpkär bildi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Tehranda Eýranyň boýdan başyndaky etrap häkimleriň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Amerikalylar Eýrana garşy gadaganlyklary ýola goýmak bilen Eýranyň ykdysadyýetini ýok etjek boldylar emma Eýran milleti özüniň başarnygyna daýanyp olaryň edýän gumanlaryny puja çykardylar diýip beýan etdi.

Zarif Amerikanyň sebitde we dünýäde yzarlaýan syýasatlary şowsuzlyga uçrandyr diýmek bilen Amerika halkara we sebit derejesinde özüniň isleglerine ýetip bilmänseň indi ykdysady terrorizme ýüzlelendir diýip sözlerine goşdy.

Amerika öten agşam halkara atom energiýasy agentliginiň häkimler geňeşiniň maslahatyny ýola goýdy emma bu maslahatdan Eýrana garşy bir gysga beýannama hem çykaryp bilmedi diýip Eýranyň daşary işler ministri aýtdy.