Jul 17, 2019 17:04 Asia/Ashgabat
  • BMG-masyndaky Eýranyň wekiliýeti:Eýranyň raketa programasy barada gepleşik geçirilmez

Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň wekiliýeti Eýran özüniň raketa programasy barada gepleşik geçirmäge taýýardyr diýip kä habarlar gulluklarynyň ýaýradan toslamalarynyň gaýtawulynda Eýran özüniň goranyş we raketa programasy barada asla gepleşik geçirmez diýip yglan etdi.

Assoşiated Press habarlar gullugy mekirli bir hereketde Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň Amerikanyň NBC tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşligini nädogry suratda ýaýratmak bilen özüniň goranyş kuwwatlylygy barada gepleşik geçirmäge Eýranyň taýýarlygyndan habar berdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň NBC tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginiň üýtgedilip köpçülige ýetirilmegi Amerikanyň prezidenti Tramp we daşary işler ministri Pompeonyň begenmegine we ony özleri üçin gazanylan üstünlik hasaplamaklaryna sebäp bolandyr.

Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň wekiliýeti öten agşam Assoşiated Pressiň toslamasyny ret etmek bilen Eýranyň daşary işler ministri ýaňky söhbetdeşlikde eger Amerika raketa barada gepleşik geçirjek bolsa ilki başdan sebit ýurtlaryna satýan raketalary satmakdan saklanmalydyr diýip yglan edipdi emma bu habarlar gullugy Zarifiň aýdan gürrüňini üýtgedip ony özüniň goranyş raketa programasy barada gepleşik geçirmäge Eýranyň ykjamlygy manysynda alandyr diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi bu barada beren gürrüňlerinde Zarif NBC tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde hüşgärlik bilen Amerikanyň sebit ýurtlaryna ýarag satmak mowzugyny ara atandyr diýdi.

Tags