Jul 17, 2019 22:07 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýranyň raketalyk ukyby goranyş ukybydyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýranyň raketa ukybyny bir goranyş we öňüni alyş ukyp hasaplady

Birleşen Milletler Guramanyň sosial we ykdysadyýet geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýorka sapar eden Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün CNN tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranlylar Yragyň Baäs režiminiň Eýrana eden 8 ýyllyk hüjümleriniň tejribelerini göz öňüne almak bilen ýurduň raketalyk başarnygyna jan damary höküminde garaýandyrlar diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Amerikanyň Eýranyň tersine Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiliginiň işgärlerine garşy ýola beren çäkliklerine yşarat etmek bilen Amerikanyň bu işini adamkärçilikden daş bolan iş bildi.

Zarif şeýle-de Eýranyň diplomatiýalaryna garşy çäklikleriň amala aşyrylmagynyň täze bir mesele däldigine yşarat etmek bilen Amerikalylar mundan ozal hem bu hilli işleri ýola berndirler diýdi.

Tags