Larijani: Zarif, Eýranyň çeper diplomatiýasynyň simwolydyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani , Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarifi Eýranyň çeper we gaýdusyz diplomatiýasynyň simwolydyr diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Eýranyň daşary işler ministrligine baryp Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirip onuň eden işlerinden gadyrdanlyk edip , Zarif diplomatiýa örisinde agyr işleri edip yslam ynkylabyna we Eýran Yslam respublikasyna köp üstünlikleri sowgat edendir diýip nygtady.
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani sözüniň dowamynda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarifi daýaw we akyl-paýhasly diplamat bilip zarif berk durup hüşgär bolmagy bilen Eýranyň bähbitlerini goraýar şeýle halda onuň eden täsirli tagallary Eýran milletiniň duşmanlarynyň Zarifi sanksiýalar listesine goşmaklaryna sebäp bolandyr diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarif hem bu duşuşykda beren gürrüňlerinde Eýranyň mejlisi başlygynyň daşary işler ministrligine gelenligi babatly gadyrdanlyk bildirip halkara derejesinde bütin gudraty bilen Eýran milletiniň hukuklaryny we milli bähbitlerini gorap oňa goldaw berýänligini nygtady.