Aug 05, 2019 21:20 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Tramp bilen duşuşyk geçirmegi baradaky teklibi ret edenligim üçin gadaganlyklara goşuldym

Eýran Yslam respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif geçen aýdan Nýu-Ýork şäherine gurnan saparyna yşarat edip şol sapryň gidişinde Amerikanyň prezidenti bilen duşuşyk geçirmekligi kabul etmesem iki hepdä çenli gadaganlyklara gabat geljekdigimi maňa aýtdylar diýdi.

şu gün Eýran Yslam respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif habar konferensiýasynda eden çykyşynda Amerikalylaryň, beýan azatlygy toslamaklaryna garamazdan oňa ynamlarynyň ýokdygyny aýdyp gepleşik geçirilmegi bilen diplomatiýa hiç haçan gutarmaýar we men öz işlerimi dowam etjekdirin diýdi.

Eýran Yslam respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif şeýle-de ulumsylyk, guldurlyk we zor aýtmak döwri gutarandyr diýmek bilen Amerika Hatda beýlekileriň garşysynda özüni bir uly gudrat görýän ugurlarynda hem bilelşik gurap bilmeýär şeýle halda ýurtlar, Amerikanyň ýanynda öz atlarynyň bolmagyndan utanýarlar diýip sözlerine goşdy.

Eýran Yslam respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif şeýle-de Amerikanyň günäsiz ilatynyň tüpeň atmak, guldurlyk etmek zor aýtmak we gahar-gazaply işleri etmek medeniýete giriptar bolandyklaryny aýdyp uruşdan, stolyň başyndaky ýollaryň birisi höküminde at tutýan medeniýet üstünlik gazanyp bilmeýär, Amerika egerde kanuny bozmak işlerinden el çekse bütin kynçylyklar çözüljekdir diýip nygtap geçdi.

Tags