Jahangiri:Eýran suw çäklerini goramakda özüniň güýç gudratyny görkezendir
Eýranyň döwlet baştutanynyň birinji orunbasary suw çäklerini goramakda Eýran Yslam Respublikasy özüniň güýç gudratyny görkezendir diýdi.
Eýranyň döwlet baştutanynyň birinji orunbasary Yshak Jahangiri şu gün Horasan Razawi welaýatynda bir näçe taslamanyň ulanyşa beriş myrasymynda beren gürrüňlerinde serhetleri goramaklygy Eýran Yslam Respublikasynyň gyzyl çyzgysy bilmek bilen hiç bir ýurt Eýranyň serhetlerine göz garaltmaga haky ýokdyr we Eýran bu barada mundan ozal öz gudratyny aýdyň suratda görkezendir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasy suw serhetlerini gorap saklamakda özüniň güýç gudratyny Pars Aýlagynda görkezendir we her bir ýurt şol sanda Amerika ýaly bir gudrat ýalňyşyp Eýranyň serhetlerine girse berk çemeleşiljekdigini hemmeler bilmelidirler diýip Jahangiri sözlerine goşdy.
üstümizdäki ýylyň 20-nji Iýunynda yslam ynkylabynyň sepahyň kosmosa güýjüniň 3-nji Hordad atly ýerli howa goranyş sistemasy Eýranyň howa giňişligine el gatan Amerikanyň RQ-4 gysymly uçarmansyz uçaryny urup dargatdy.